Ýokary derejeli halkara hyzmatdaşlyk

17 Awgust 2021
1348

Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy halkara derejeli maslahatlardyr forumlaryň, festiwallardyr sergileriň, halklary has-da ýakynlaşdyrýan, ysnyşdyrýan çözgütler kabul edilýän duşuşyklaryň merkezine öwrüldi.

«Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň tomus paslynyň soňky aýynda bu kenaryň gözel künjekleri has-da ajaýyp keşbe, toý lybasyna beslendi. Bu tötänden däldir. Awazanyň gözel kenary bu günki günde ýene-de arzyly myhmanlary garşylady. Bu ýerde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda köptaraply döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge we berkitmäge ýardam etjek taryhy ähmiýetli waka, ýagny Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň, Gyrgyz Respublikasynyň  Prezidenti Sadyr Žaparowyň, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmagynda «Awaza» Kongresler merkezinde geçirilen ýokary derejeli bu forum sebit boýunça goňşy ýurtlar bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hem-de halkara gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryny giňeltmäge gönükdirildi.

«Saglyk».