Halkara ähmiýetli waka

16 Awgust 2021
948

Şu ýylyň 6-njy awgustynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Hazar deňziniň türkmen kenarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýokary guramaçylyk ýagdaýynda üstünlikli geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygy häzirki zaman dünýä syýasatynyň şanly wakasy boldy diýsek hakykatdan daş düşmeris. Bu ýerde geçirilen Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy, Merkezi Aziýa döwletleriniň ykdysady forumy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň halkara sergisi, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halklarynyň milli tagamlarynyň halkara festiwaly, şol sanda Merkezi Aziýa döwletleriniň medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekdi. Bu çärelere Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Türkmenistandaky sebit merkeziniň ýolbaşçysynyň gatnaşmagy çäreleriň halkara ähmiýetini has-da artdyrdy.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şöhratly 30 ýyllyk baýramyna barýan günlerimizde milli Liderimiziň taýsyz tagallasy we yhlasy bilen ajaýyp ýylymyzyň baý many-mazmunly adyna mynasyp amala aşyrylýan nusgalyk işler türkmenistanlylaryň her birini buýsandyrýar, eziz Watanymyza bolan söýgimizi goşalandyrýar.

Amangeldi ORAZOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.