Aý nuruna ýalkym saçýar Awaza

15 Awgust 2021
1165

Goja Hazaryň ajaýyp kenarynda jahana aklyk hem-de gözellik paýlaýan ýaly bolup oturan Awaza bu gün jenneti ýatladýar. Onuň her bir künjeginde gözellik bar. Aňyrsyna göz ýetmeýän bu deňziň ajap kenarynda seýil etmek, onuň asmanynda uçup ýören çarlaklaryň sesine maýyl bolmak köňüllere melhem bolup siňýär, kalbyňa tükeniksiz hyjuw berýär, her bir adamyň gözellige bolan teşneligini gandyrýar. Awazanyň ajaýyp gözelligine bütin durkuň hem düýrmegiň bilen goşulyşyp, gatylyşyp gideniňi duýman galýarsyň. Jenneti mekanyň gözelligini, deňiz guşlarynyň al-asmana göterilip perwaz edişlerini synlamak hem täsin, hem-de göwün göteriji. Bu täsin gözellik bada-bat ruhy dünýäňi gaplap, kalbyňa rahatlyk çaýýar. Şeýdip, ajaýyp Awazanyň gözelliginden lezzet alýan ynsan ylhamlanýar, gujurlanýar, hyruçlanýar. Bu ýakymly görnüş ruhy dünýäňe siňip, ýakymly täsirleriň, lezzetli duýgularyň gujagyna atarýar. Tebigy gurşawyň bu gaýtalanmajak dünýäsine seýran etmek, çarlaklaryň sesine ylhamlanmak köňle üýtgeşik aram berýär. Bu gözelligiň gujagynda ýaýnap, «Deňiz guşy» atly aýdyma hiňleneniňi duýman galýarsyň.

Gök deňiz-ä, gök deňiz,
Hüwdüle sallançakda.
Ýöne bolsun hüwdüleň,
Hazar deňizi hakda.

Bagty ÖDEGULYÝEWA,
«Mugallymlar gazeti».