Merkezi Aziýa — dostluk we hyzmatdaşlyk ýoly bilen

5 Awgust 2021
979

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda hemişelik Bitarap Watanymyz dürli döwletler hem-de abraýly halkara düzümler bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat ugruny üstünlikli amala aşyrýar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan döredijilikli daşary syýasy ugry ata Watanymyzyň halkara abraýyny has-da belende galdyrýar. Mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramynyň bellenilýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda geçirilýän taryhy ähmiýetli halkara derejeli çäräniň biri-de 6-njy awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygydyr. Bu iri halkara çäräniň çäklerinde birnäçe ugurdaş çäreleriň geçirilmeginiň meýilleşdirilmegi özara hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetiniň görkezijisidir. Halkara hyzmatdaşlygyň netijeli görnüşlerini amala aşyrmakda bitaraplyk we parahatçylyk, ynanyşmak ýörelgeleriniň ägirt uly döredijilik mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilýändigi buýsandyryjy hakykatdyr.

Hazar deňziniň türkmen kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy dürli derejeli forumlaryň, sergileriň we festiwallaryň yzygiderli geçirilýän hyzmatdaşlyk merkezine öwrülýär. Sebitde ýerleşýän Merkezi Aziýa döwletleri özara gatnaşyklary üstünlikli alyp barýarlar we özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze ýollaryny gözleýärler.

Züleýha ORAZOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.