Dostlukly gatnaşyklar ak ertirlere uzaýar

4 Awgust 2021
861

Eziz Diýarymyz dünýäde ykrar edilen parahatçylyk dörediji we sebitiň iri medeni merkezi bolmak bilen, dostana gatnaşyklary ýakynlaşdyrmagyň ajaýyp nusgasy hökmünde at-abraýa eýedir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurt Baştutanymyzyň başlangyçlary bilen medeniýetleriň milletara gatnaşyklarynyň halkara derejesinde has-da işjeňleşdirilmegine aýratyn üns berilýär. Indi Türkmenistan halkara festiwallaryň, baýramçylyklaryň, ylmy-amaly maslahatlaryň, sergileriň geçirilýän ýurduna öwrüldi. Şeýle iri halkara çäreleriň biziň ýurdumyzda geçirilmegi dünýä halklarynyň medeniýetleriniň ýakynlaşmagyna we baýlaşmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Milli Liderimiziň aýratyn ähmiýet berýän medeni diplomatiýasy sebitde hem-de dünýäde parahatçylygy we abadançylygy üpjün etmäge ukyply taglymat hökmünde hereket edýär.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz elmydama umumadamzat bähbitli başlangyçlary öňe sürýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Awazanyň kenary halkara syýasy, ykdysady, medeni gatnaşyklaryň pugtalandyrylýan mekanyna öwrülýär. Ertir «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda sebit ähmiýetli iri halkara çäreleriň altysy, has takygy, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň halkara sergisi, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli tagamlarynyň halkara festiwaly, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sungat ussatlarynyň dabaraly baýramçylyk konserti geçiriler.

Gülzada GULDURDYÝEWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby, «Nesil».