Dost-doganlyk kenarynda

4 Awgust 2021
800

Möhüm kerwen ýollarynyň çatrygynda ýerleşip, Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregine öwrülen, dünýäniň ykdysady we medeni ýagdaýyna täsirini ýetirip duran Merkezi Aziýa sebiti üns merkezinde. Jemgyýeti ýa-da syýasaty öwrenijiler: «Taryh beýik amallar bilen ýazylýar, beýik maksatlar aýdyň pikirler bilen döredilýär, adamzat ähmiýetli bagtly geljek bilelikde gurulýar» diýen sözi tekrarlamagy juda eý görýärler. Çünki bu jümläniň aňyrsynda şol hakykaty tassyklaýan geçmişiň uly wakalary, taryhy tejribeleri ýatyr. Bu sözleriň hakykatyna göz ýetirmek üçin bolsa ýene şu ýerlere — Merkezi Aziýa döwletlerine nazar aýlamak göwne makuldyr.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýokary derejede geçirilýän Merkezi Aziýanyň döwlet baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy munuň aýdyň mysaly. Gözel Diýarymyzda — Hazaryň türkmen kenarynda, syýahatçylygyň merjeni bolan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek bu duşuşygyň öňkülerden birnäçe aýratynlygy we artykmaçlygy bar. Mälim bolşy ýaly, halkymyz myhman garşylamagy, dostlar bilen pikir alyşmagy, geljegiň meselesini geňeşli çözmegi halaýar. Dostlaryň arasyndaky asylly däbe öwrülen bu gezekki konsultatiw duşuşyk hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen has giň many-mazmuna eýe bolar. Sebitiň ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň halkara sergisi, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halklarynyň milli tagamlarynyň festiwaly, sebitiň ýurtlarynyň sungat ussatlarynyň dabaraly baýramçylyk konserti bu gezekki foruma taýýarlygyň uludygyny, gozgalýan meseleleriň derwaýysdygyny, has ajaýyp geljegi gurmak üçin bilelikde hereket etmäge mümkinçilikleriň örän köpdügini görkezýär. Şeýle hem bu döwletli çäreleriň ählisi baýramçylyk ruhy bilen gurşalýar. Ata-babalarymyz döwlet gurluşyna dahylly ýa-da geljegi nazarlaýan her bir geňeşli maslahaty toýuň derejesinde bellär ekenler. Diňe şu sebitleriň däl, eýsem, tutuş adamzadyň geljegi üçin ähmiýetli boljak bu uly çäreler — «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek alty sany uly çäre toý-baýrama utgaşyp, awgust aýynyň 6-syny taryha altyn syýalar bilen ýazar.

Rahmet GYLYJOW,
«Dünýä edebiýaty» žurnalynyň baş redaktory.