Türkmen — täjik gatnaşyklarynyň täze derejesi

4 Awgust 2021
980

Öňňin Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon Türkmenistana döwlet sapary bilen geldi. Düýn Aşgabatda geçirilen ýokary derejedäki türkmen-täjik duşuşygy köpasyrlyk dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyga esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda täze wajyp tapgyry açdy.

Iki dostlukly döwletiň Baştutanlary taraplaryň netijeli syýasy gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyna, ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň berkidilmegine taýýardyklaryny tassyklaýarlar. Şunuň bilen baglylykda, özara bähbitlilik esasda möhüm ugurlarda ýola goýulýan gatnaşyklary yzygiderli ösdürmek boýunça zerur tagallalar edilýär.

«Aşgabat».