Dostluk daragtynyň miweleri

4 Awgust 2021
766

5+: Özara hereketleriň işjeňligi

Näme üçin «5+» goşmak diýýänsiňiz?! 2019-njy ýylyň 29-njy noýabry ýadyňyzdadyr. Özbegistan Respublikasy. Daşkent şäheri. Merkezi Aziýa döwletleriň Baştutanlarynyň ikinji konsultatiw duşuşygy. Hormatly Prezidentimiziň taryhy sözi: «Soňky wagtda 5+ görnüşindäki özara hereketleriň örän işjeňleşendigi diýseň guwandyrýar. Şunda Merkezi Aziýa döwletleriniň bäşisiniň — Ýewropa Bileleşigi, Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Russiýa, Ýaponiýa, Koreýa Respublikasy bilen hyzmatdaşlyk etmeginiň görnüşleri göz öňünde tutulýar. Şeýle görnüşli hyzmatdaşlyga dünýäniň beýleki öňdebaryjy ýurtlary tarapyndan hem uly gyzyklanma bar. Şunuň ýaly duşuşyklaryň gün tertibi örän giň hem-de köpdürli bolýar, ýöne şolarda ykdysadyýet, energetika, ulag we logistika baradaky meseleler hemişe esasy orun eýeleýär». Bir bitewüligi emele getirýän dost-dogan döwletleriň adamzadyň geljegi ugrundaky bilelikdäki hereketi sebit ösüşiniň hem çygryndan çykyp, has alyslaryň ösüşine öz täsirini ýetirýär.

Azat JEPBAROW,
«Bereketli toprak» gazetiniň baş redaktory.