Dostlukly ýörelgeleriň aýdyň geljegi

4 Awgust 2021
956

Şu ýylyň 6-njy awgustynda ekologiýa taýdan arassa, gözel künjegimiz bolan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyny we beýleki çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär. Bu barada metbugatda soňky günlerde yzygiderli gürrüň edilip dur. Hormatly Prezidentimiziň 2021-nji ýylyň 17-nji iýulyndaky Karary bilen bu çäreleri ýokary derejede geçirmek üçin Guramaçylyk topary döredildi.

Dünýä ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýmak, iri halkara guramalar, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek milli Liderimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň esasy ugry bolup durýar. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasyny, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn halkara ylalaşyklaryny, şertnamalaryny, konwensiýalaryny ykrar edýär. Halkara borçnamalaryny doly we dogry ýerine ýetirýän ýurt hökmünde tanalýar. Türkmenistan daşary ýurt döwletleri, ilkinji nobatda, goňşy ýurtlar bilen syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlarda gatnaşyklary açyklyk ýörelgeleri esasynda ýola goýýar.

Gurbangül BERKELIÝEWA,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty, Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň başlygynyň orunbasary.