Merkezi Aziýa: aşhana sungatynyň köpdürlüligi

3 Awgust 2021
948

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän halkara çäreler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy giňden bellenilýän üstümizdäki ýylyň aýratyn ähmiýetli taryhy wakalaryna öwrüler. Munuň özi diňe bir sebitde däl, eýsem, tutuş dünýäde Türkmenistanyň parahatçylygy pugtalandyrmakdaky, halklaryň arasyndaky ynanyşmak ýörelgesini dabaralandyrmakdaky alyp barýan umumadamzat bähbitli işlerini nobatdaky gezek açyp görkezer.

Merkezi Aziýa sebiti taryhyň ähli döwürlerinde kämilleşdirip gelen baý medeniýeti, haýran galdyryjy sungaty, milli lybaslary, aşhana däpleri bilen dünýä syýahatçylarynyň arzyly mekanlarynyň biri bolup geldi. Taryhy-arheologiýa, etnografiýa jähetden eziz Watanymyz tutuş sebitde gadymy medeniýetleriň dörän ojagy hökmünde tanalýar. Sebitde gadymy döwürlerden bäri ýaşap gelýän türki dilli halklaryň ählisiniň medeniýetiniň, diliniň, durmuş we ruhy ýörelgeleriniň kemala gelmeginde hem-de baýlaşmagynda gadymy oguz medeniýetiniň täsiriniň bardygyny tassyklaýan ylmy subutnamalar bar.

Agamyrat BALTAÝEW,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň bölüm müdiri, etnograf.