Hoşniýetli goňşuçylygyň täze sahypasy

2 Awgust 2021
1013

Dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanyp, goňşy döwletler bilen syýasy-diplomatik gatnaşyklary we öňüni alyş diplomatiýasynyň gurallaryny ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli syýasatynyň möhüm ugrudyr. Parahatçylyk döredijilik diplomatiýasynyň işjeň durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzyň daşary syýasaty rowaçlanýar. Bu syýasat halkara gatnaşyklar ulgamynda oňyn hyzmatdaşlygy ýola goýmaga, sebit hem-de bütindünýä derejesinde häzirki döwrüň möhüm meselelerini bilelikde çözmäge gönükdirilendir.

«Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017 — 2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna» laýyklykda, döwletimiziň daşary syýasatynda sebit boýunça goňşy döwletler bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barmak ileri tutulýan ugur hökmünde kesgitlenilýär. Täjigistan Respublikasynyň döwlet Baştutany Emomali Rahmonyň ýurdumyza döwlet sapary hem türkmen-täjik gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagynda, şeýle hem sebit we dünýä derejesindäki wajyp meseleleriň oňyn çözgütlerini bilelikde işläp taýýarlamakda möhüm ädim bolar.

Ahmet GELDIÝEW,
«Watan».