Hoşniýetli gatnaşyklaryň asylly ýoly

19 Iýul 2021
1106

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz halkara guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk ugruna ygrarly bolup, ileri tutulýan sebit hem-de ählumumy wezipeleri çözmekde işjeň orny eýeleýär. Milli Liderimiziň başlangyçlary esasynda BMG-niň ýörite Kararnamasy bilen «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Hut şu ýylda eziz Watanymyza sebit ähmiýetli iri halkara düzümleriň biri bolan Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) başlyklyk etmegiň ynanylmagy aýratyn many-mazmuna eýedir.

Şu ýylyň 28-nji noýabrynda paýtagtymyz Aşgabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň XV sammitiniň geçirilmegi ýylyň möhüm wakalarynyň biri bolar. Bu sammitde kabul ediljek umumadamzat bähbitli çözgütler sazlaşykly ösüşleriň ýolunda möhüm ädimlere öwrülip, eziz Watanymyzyň halkara abraýyny has-da artdyrar.

Ahmet GELDIÝEW,
«Watan».