Arkadagyň ulag diplomatiýasy

12 Iýul 2021
991

Ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň uludan toýlanýan ýylynda eziz Watanymyzyň şanyna şan goşýan, milli ykdysadyýeti pugtalandyrmaga we özgertmeler ýoly bilen düýpli ösdürmäge gönükdirilen sebit ähmiýetli uly tutumlar durmuşa geçirilýär. Milli Liderimiziň başlangyçlary bilen amala aşyrylýan sebit ähmiýetli taslamalaryň biri hem ulag-aragatnaşyk düzümi bilen baglanyşyklydyr. Beýik Ýüpek ýolunyň merkezinde ýerleşen eziz Watanymyzyň häzirki zaman geoykdysady strategiýasynda üstaşyr ulag ulgamyny döretmäge aýratyn orun berilýär, beýleki döwletler bilen bilelikde iri sebitleýin we yklymlaýyn taslamalar amala aşyrylýar. Awtomobil, demir ýol, deňiz we howa ýollaryny intermodal logistika merkezleriniň we guryýer portlarynyň üsti bilen birleşdirýän ulag ulgamynyň kemala gelmegi ykdysadyýeti ösdürmegiň möhüm şerti bolup çykyş edýär.

Hormatly Prezidentimiziň ýakynda Balkan welaýatyna iş saparynyň dowamynda sebitiň ulag-logistika ulgamyny ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän işleriň barşy bilen tanyşmagy hem bu işleriň yzygiderli häsiýete we sazlaşykly ösüşe eýedigini görkezýär. Milli Liderimiz Garabogaz aýlagynyň üstünden çekilen, Garabogazy Hazar deňzi bilen birleşdirýän awtomobil köprüsiniň ýagdaýy we aýlagyň şahasy bilen tanyşdy. Bu ýerde täze köprini gurmak hem-de oňa barýan ýoluň durkuny täzelemek boýunça halkara bäsleşigi yglan etmek barada degişli ýolbaşçylara tabşyryk berdi. Senagat taýdan ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolan Garabogaz aýlagynyň üstünden täze köpriniň gurulmagy we ugurdaş ýoluň durkunyň täzelenmegi milli ýol-ulag ulgamynyň geçirijilik ukybyny artdyrar, halkara üstaşyr ulag düzümini giňeltmäge täsir eder, bu bolsa öz gezeginde sebit hyzmatdaşlygyny we söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da ösdürmäge täze mümkinçilikleri döreder. Bu köpri Türkmenistan — Gazagystan halkara ulag ulgamynyň möhüm inženerçilik desgasyna öwrüler, köprä barýan ýol bolsa, ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenbaşy awtobomil ýoluna birigip gider.

Oguljemal NURMYRADOWA,
«Ahal durmuşy».