Durmuş goraglylygy ugrunda

2 Iýul 2021
979

1-nji iýulda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň hem-de ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda wideoaragatnaşyk arkaly okuw maslahaty geçirildi. Okuw maslahatyna BMG-niň Ählumumy Gün tertibini durmuşa geçirmäge gatnaşýan agentlikleriniň wekilleri hem gatnaşdy.

Wideoaragatnaşyk arkaly okuw maslahatynyň gün tertibinde BMG-niň düzümleri bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň arasynda bilelikdäki maksatnamalary ýerine ýetirmegiň maksatlary hem-de wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň wekilleriniň, şeýle hem BMG-niň degişli düzümleriniň hünärmenleriniň çykyşlary we ilatyň dürli gatlaklaryna durmuş goldawyny bermegiň ähmiýetini beýan edýän wideoşekiller täsirliligi bilen tapawutlandy. Çykyşlarda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» goldawa mätäç raýatlar üçin durmuş taýdan hyzmat edýän edaralaryň gurluşyny we işini kämilleşdirmek, salgylaýyn durmuş kömegini bermek ulgamyny girizmek, durmuş taýdan goraglylyk boýunça halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meselelerine aýratyn ähmiýet berildi.

Ýörite habarçymyz.