Ykdysady hyzmatdaşlyk — rowaçlygyň ýoly

1 Iýul 2021
1040

Ýurdumyz halkara guramalary bilen, ilkinji nobatda, BMG we onuň iri düzüm birlikleri bilen strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürýär. Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy hem ýurdumyzyň esasy hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Şu ýerde türkmen Bitaraplygynyň dünýäde biragyzdan goldanylmagynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň syýasy ornuny aýratyn bellemek ýerlikli bolar. 2021-nji ýylda Türkmenistan bu sebitleýin gurama ýolbaşçylyk edýär. Şu ýyl Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň sammitiniň Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň 2017-nji ýylda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Yslamabat sammitinde öňe süren başlangyçlarynyň häzirki wagtda iş ýüzünde durmuşa geçirilýändigini aýtmak buýsandyryjydyr. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara gaz geçirijisi bilen ugurdaş Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçirijileriniň, optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygynyň tamamlanmagy sebitde ykdysady goşulyşmagyň we adamlaryň abadan durmuşynyň kepili bolar.

Kerimguly GELDIÝEW
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň agzasy.