Halkara mediaforuma gatnaşyjylara söz berýäris:

1 Iýul 2021
1060

Hadi SOLEÝMANPUR,
Ykdysady HyzmatdaşlykGuramasynyň Baş sekretary:

— Ilki bilen, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasatynyň aýratynlyklaryna ünsi çekmek isleýärin. Biziň sebitimizde ýurtlaryň däp-dessurlarynyň umumylygy esasynda ykdysady we medeni ugurlarda gatnaşyklary üstünlikli ösdürmek üçin amatly şertler bar. Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň ozaldan dowam edip gelýän özara ykdysady hyzmatdaşlygyny häzirki wagtda-da saklap galmagy sebitiň esasy aýratynlygydyr. Guramanyň agza ýurtlaryny taryhy kökleriň hem-de medeniýetiň umumylygy baglanyşdyrýar. Şol umumy gymmatlyklarda-da türkmen jemgyýetiniň aýratynlyklary äşgär bolýar. Parahatçylyk söýüjilik türkmen halkyny tapawutlandyrýan esasy häsiýetdir. Hut parahatçylyk söýüjilik ýörelgesi hem Türkmenistanyň sebitde alyp barýan syýasatynyň özenini düzýär.

Ýazga geçiren Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».