Türkmenistan — Gyrgyzystan: hyzmatdaşlygyň taryhynda täze sahypalar

30 Iýun 2021
1030

Hyzmatdaşlyk, ynanyşmak, birek-birege hormat goýmak ýörelgeleri Türkmenistan döwletimiziň alyp barýan halkara syýasatynyň esasyny düzýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen abraýly halkara guramalar bilen oňyn hyzmatdaşlygy alyp barmak esasynda, sebitde asudalygy pugtalandyrmak ugrunda umumadamzat bähbitli işler durmuşa geçirilýär. Hususan-da, 2021-nji ýylyň 27-28-nji iýunynda Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň Türkmenistana amala aşyran resmi sapary döwletimizde hoşniýetli parahatsöýüjilik syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridiginiň nobatdaky subutnamasy boldy.

DOSTLUK, ÖZARA YNANYŞMAK, HOŞNIÝETLILIK

"Nesil".