Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

30 Iýun 2021
1077

Aşgabat, 29-njy iýun (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Russiýanyň Baştutany milli Liderimizi doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, abadançylyk we köpugurly döwlet işinde mundan beýläk-de üstünlikler arzuw etdi. Russiýa Federasiýasynda Türkmenistanyň Baştutanynyň iki döwletiň arasyndaky däp bolan hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen tagallalaryna ýokary baha berilýändigi bellenildi.