Aşgabat, 29-njy iýun (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Dostlukly döwletiň Baştutany türkmen Liderini doglan güni bilen gutlady we hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, abadançylyk hem-de döwlet we jemgyýetçilik işinde uly üstünlikler arzuw etdi.