Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi

30 Iýun 2021
1007

Aşgabat, 29-njy iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Baş sekretary Hadi Soleýmanpury kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimizi doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, täze taryhy eýýamda ýurdy ösdürmegiň giň möçberli meýilnamalaryny amala aşyrmakda uly üstünlikler arzuw etdi.