Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyndan ylym-bilim baradaky dürdäne jümleler

23 Iýun 2021
2214

Iň gymmatly miras terbiýe, terbiýäniň özeni bolsa ylym-bilimdir. Toplanan ylym-bilim tejribeleriniň netijeleri seljerilip, şolar esasynda XXI asyrda durnukly ýaşaýşy üpjün etmegiň taglymatynyň döredilmegi möhümdir. Şonda adamyň ukyplary, zehini, mümkinçilikleri babatynda oýlanyşykly çemeleşmek gerek. Çünki ylymdaky kesgitleme hem gutarnykly netije däldir. Onuň subut edilmegi degişli ýagdaýa laýyklykda mümkindir. Ylym netijelilikdir, bilim tejribedir.

***