Beghanyň düýşi (Hekaýa)

22 Iýun 2021
1044

Beghanyň bu gün ýüzünden gar ýagýar. Keýpi ýok. Ýüzi salyk. Gussaly. Okuw torbasam agyr, şeýle bir agyr, şeýle bir agyr. Ol edil içi kitap-depderli torba däl-de, dagdan bir bölek daş göterip gelýän ýaly. Ol şeýle agyr ýüki henize çenli göterip görmändi. Munuň sebäbi oňa aýan. Beghan bu gün sapakdan pes baha aldy. Mekdebe ýaltalyk edip, sapaklaryna taýýarlanman, hiç zat okaman gelipdi.

Agyr torba Beghany halys ýadatdy. Şeýle bolansoň, ol dynç almak isledi. Her günki gatnaýan ýolunyň ugrunda ýerleşýän seýilgähdäki oturgyçlaryň birine geçip oturdy. Içi pes bahaly gündelik bilen öýe nädip barjagy, hiç kime görünmän, öz otagyna nädip girjegi hakda oýlandy. Öýündäkilere bildirmejek bolsa-da, olaryň torbanyň agyrdygyny aňşyrjakdyklary, içinde nämäniň bardygyny bilmek üçin ony dörjekdikleri hakda oýlandy. Oýlandygyça, öňküden-de beter keýpi gaçdy.

Güljan DURDYÝEWA,
«Standart, hil we howpsuzlyk» žurnalynyň habarçysy.