Bagtyýarlyk mekany

22 Iýun 2021
950

Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň, Aşgabat şäheriniň Baş bilim müdirliginiň hem-de Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň bilelikde guramagynda Çagalar awtoşäherçesinde «Türkmenistan — bagtyýar çagalaryň mekany» atly baýramçylyk çäresi geçirildi. Çagalara ýol hereketiniň howpsuzlyk kadalary barada başlangyç bilim bermek, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, köçelerde, ýollarda we jemgyýetçilik ulaglarynda çagalaryň özlerini howpsuz hem-de medeniýetli alyp barmak endiklerini terbiýelemek maksady bilen geçirilen bu medeni-köpçülikleýin çärä paýtagtymyzdaky mekdebe çenli çagalar edaralarynyň mekdebe taýýarlaýyş toparlarynda terbiýelenýän körpeler gatnaşdylar. Dabaranyň dowamynda Türkmen döwlet gurjak teatrynyň, Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň artistleriniň baýramçylyk çykyşlary çagalarda uly täsir galdyrdy. Soňra körpeler çagalar bagynda öwrenen goşgularydyr aýdymlary, ýol hereketiniň howpsuzlygyna bagyşlap taýýarlan gysgajyk sahna oýunlary bilen çykyş etdiler. Tapawutlanyp çykyş eden çagalara ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Çagalar awtoşäherçesiniň okuw otaglarynda körpelere ýol hereketiniň düzgünlerini görkezme esbaplar arkaly düşündirdiler we kino zalynda ýol hereketiniň howpsuzlygy barada multfilmler, wideoşekiller görkezildi. Dabaranyň ahyrynda çagalar aýdym-saz we tans toparlarynyň baýramçylyk çykyşlary ajaýyp zamanamyzyň bagtyýarlygynyň beýany bolup, kalplara ýakymly duýgulary bagyşlady.

«Güneş».