Ýangyndan ägä boluň!

22 Iýun 2021
968

Ýangyn howpsuzlygynyň kadalaryny berjaý etmek her birimiz üçin hökmany berjaý edilmeli zerurlykdyr. Ot bilen seresaply bolmagyň endiklerini ele almak, munuň özi raýatlaryň, ozaly bilen, mähriban çagalar, siziň jan saglygyňyzy goramak ugrundaky möhüm işleriň biridir. Şuny nazara almak bilen, žurnalyň şu sanynda size ýangyn howpsuzlyk kadalary hem-de ýangyn dörän halatynda özüňi alyp barmagyň düzgünleri barada suratlaryň üsti bilen düşünje bermegi maksat edindik.

Meýlismyrat ORAZMYRADOW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky Ýangyn howpsuzlygy müdirliginiň 1-nji bölüminiň wagyz-nesihat bölümçesiniň uly gözegçisi, içerki gullugyň uly leýtenanty.