Özüň ýasa!

22 Iýun 2021
1279

Gerekli esbaplar: Reňkli kagyz, 2 sany çöp, ýelim, ikitaraplaýyn we adaty ýelimbag (skotç), monjuk düzülen kiçiräk rezin.

Taýýarlanylyşy: Reňkli kagyzy uzynlygyna iki bölege bölüp, ýüzüne islegiňize görä şekiljikleri çekmeli. Olaryň her birini suratdaky ýaly deňje eplemeli we iki bölek eplenilen kagyzy biri-birine ýelimläp birleşdirmeli. Soňra kagyzyň aşagyndan 3 santimetr ýer goýup, daşyndan ýelimbagy aýlamaly. Eplenilen we aşagy ýelimlenen kagyzyň her gapdalyna bir çöpjagazy ikitaraplaýyn ýelimbag arkaly birleşdirmeli. Çöpjagazlaryň boýy kagyzyňkydan birnäçe santimetr uzyn bolmaly. Monjuk düzülen rezin bolsa ýelpewajy açanyňyzda we ýapanyňyzda berkidip goýmak üçin gerekdir.

«Güneş».