Dyngy belgileriň özara söhbedi

29 Maý 2021
1312

(.)

— Ilki men başlajak söze,
Aýdyp, özüm hakda size:
— Habar sözlemniň hem adyň,
Tertip görkezende sanyň,
Sahna eser gahrymannyň
Soňundan goýulýar nokat.
Ynanmasaň, hemmä okat!
Diýmek, meniň hökümim zor,
Sözlemäge-de hakym bar.

Aýgözel GARLYÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.