Bilim—döwrüň ganaty

29 Maý 2021
1494

Bäsleşigiň ähli welaýatlarda we Aşgabat şäherinde şol bir wagtda sanly ulgam arkaly onlaýn usulynda guralmagy onuň öňki ýyllardakydan tapawutly aýratynlygy boldy. Bu bolsa ylym-bilim babatda ýurdumyzda alnyp barylýan innowasion özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Mekdep okuwçylarynyň arasynda ýylyň-ýylyna geçirilýän taslama, döredijilik we ders bäsleşikleri aýratyn zehinli ýaşlary ýüze çykarmakda ähmiýetli çäreleriň biri bolup durýar. Muňa Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň orta mekdeplerinde okaýan ýokary synp okuwçylarynyň arasynda türkmen dili we edebiýaty, iňlis, rus dilleri, taryh, informatika, matematika, fizika, himiýa, biologiýa, geografiýa dersleri boýunça geçirilen «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginiň döwlet tapgyrynyň mysalynda hem göz ýetirdik. Şu ýylyň aprel aýynda geçirilen bu bäsleşik onlaýn usulynda ýola goýuldy. Oňa bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolan 10-njy we 11-nji synp okuwçylarynyň 730-dan gowragy gatnaşdyrylyp, olaryň arasynda degişli okuw dersine we synpyna görä hödürlenen nazary we amaly ýumuşlara iň dogry jogap beren okuwçylar ýeňiji boldular.

Sona DURDYÝEWA,
žurnalist.