Dört olimpiadaça — dört medal

29 Maý 2021
1318

Mekdep okuwçylarynyň arasynda himiýa dersi boýunça geçirilen 55-nji Halkara Mendeleýew olimpiadasyna ýurdumyzdan 4 sany mekdep okuwçysy gatnaşyp, olaryň ählisiniň ýeňişli orny gazanmagy şu okuw ýylynyň buýsandyryjy wakalarynyň biri boldy. Ýylyň-ýylyna geçirilýän we degişli ders boýunça dünýäniň iň ökde okuwçylaryny öňe çykarýan bu halkara olimpiada şu ýyl hem geçen ýylky ýaly, onlaýn görnüşde geçirildi. Oňa 28 döwletden bolan mekdep okuwçylarynyň 145-si gatnaşdy. Dünýäniň iň zehinli çagalarynyň arasyndan öňe saýlanan türkmen ýaşlaryna žurnalymyzyň ähli okyjylarynyň adyndan «Berekella!» diýýäris.

Aprel aýynyň 20-26-sy aralygynda dowam eden bu halkara ders olimpiadasynyň ýeňijileri yglan edilen pursatlara şaýat bolanymyzda, türkmen ýaşlarynyň ylym-bilimde gazanýan üstünliklerine diýseň buýsandyk. Olimpiadaçylaryň türkmen toparynyň agzalary we topar ýolbaşçysy Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň giň auditoriýasynda, onlaýn aragatnaşygyna birikdirilen iň döwrebap kompýuterleriň başynda garaşýardylar. Bu wagt bar ünsi garşysyndaky monitorda jemlenen zehinli çagalar içki tolgunmasyna erk edýän ýaly görünseler-de, olaryň gürsüldäp urýan ýürek sesleri, göýä bu ýerdäki tolgundyryjy gurşawa ýaň salýan ýalydy.

«Güneş».