Durnukly ösüş taglymatynda ekologiýa abadançylygy

28 Maý 2021
1274

25-nji maýda hormatly Prezidentimiziň BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş tarapyndan onlaýn görnüşde «Gazyp alýan pudaklar durnukly ösüşiň hereketlendirijisidir» mowzugy bilen geçirilen ýokary derejeli ählumumy «tegelek stoluň» başyndaky maslahatda çykyş edip, täze teklipleri öňe sürmegi ýurdumyzyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça öz üstüne alan borçnamalaryna ygrarlydygyny nobatdaky gezek tassyklady. Forumda ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň ählisi, ilkinji nobatda, Ýer ýüzünde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilip, munuň özi 2030-njy ýyla çenli döwür üçin «Gün tertibi — 2030-yň» ileri tutýan ugurlary bilen doly gabat gelýär.

Mälim bolşy ýaly, durnukly ösüş konsepsiýasy ykdysady, durmuş, ekologiýa ölçeglerini öz içine alyp, olar biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şoňa görä-de, Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly we işjeň agzasy hökmünde Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmakda bu guramanyň ulgamyna girýän ýöriteleşdirilen halkara düzümler bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýär. BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Ösüş maksatnamasy bilen daşky gurşawy goramak babatda durmuşa geçirilen we geçirilýän bilelikdäki taslamalar munuň aýdyň subutnamasydyr. Ýurdumyz 2016-njy ýylda howanyň üýtgemegi boýunça Pariž ylalaşygyna goşulmak bilen, bu möhüm resminamanyň ýörelgelerini doly berjaý edip, milli, sebit we ählumumy derejede alnyp barylýan işlere jogapkärçilikli çemeleşýär.

Gunça ORAZBERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň uly maslahatçysy.