Telefon arkaly söhbetdeşlik

21 Maý 2021
1061

20-nji maýda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy S.Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri A.Mamin bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. Onuň çäklerinde söwda-ykdysady we ynsanperwer ulgamlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Dürli ugurlarda iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak boýunça Türkmenistanyň we Gazagystanyň Prezidentleri tarapyndan gazanylan ylalaşyklaryň amala aşyrylmagyna aýratyn üns berildi.

Metbugat habary esasynda taýýarlanyldy.