Eşek we öküz (Türkmen halk ertekisi)

22 Aprel 2021
1910

Bir bar eken, bir ýok eken, gadym zamanlarda bir daýhanyň iki sany öküzi bar eken. Bu daýhan her ýyl özüniň çöp-çalamly gaty ýerini şol öküzleri bilen sürüp, arpa-bugdaý, gawun-garpyz ekýär eken.

Emma daýhan ýer sürýän wagtlary eşegini işletmäge eli degmänsoň, eşek ýatakda dynç alyp, boş ýatan eken.