Milli Liderimiziň Eýran Yslam Respublikasyna iş sapary barada söhbet
Çar tarapa il bolmak. Dünýä garylyp-gatylmak. Uly tutumlar bilen adamzadyň ykbalyna oňyn täsiriňi ýetirmek... Bular diňe goňşular bilen köňlüň bir, ümzügiň öňe bolup, tutumyň-gadamyň deň gopanda mümkin bolýar. Pederleriň «Goňşy — iň ýakyn aralykdaky il», «Haý diýemde haraýym, goňşym — bazar-saraýym» ýaly pähimleri diňe öýleriň däl, eýsem, döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary aňlatmagyň ýüküni-de çekip bilýändigi bilen gymmatlydyr. Türkmenistanyň öňden gelýän bu asylly ýörelgäni turuwbaşdan döwlet syýasatyna öwrendigi duldegşir goňşy ýurdumyz Eýran Yslam Respublikasy bilen yzygiderli ilerledilýän gatnaşyklardan hem äşgär görünýär.