Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan türkmen-eýran gatnaşyklary häzirki döwürde täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Munuň özi dostlukly döwletleriň öňden gelýän hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary, hyzmatdaşlygyň berkeýändigi bilen şertlendirilendir. Goňşy ýurtlar, şol sanda Eýran Yslam Respublikasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. 28-nji awgustda Milli Liderimiziň Eýran Yslam Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Prezident Masud Pezeşkian hem-de Beýik ruhy lider Aýatolla Seýed Ali Hoseýni Hameneýi bilen geçiren gepleşikleri bu dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilendir.
Şol gün Gahryman Arkadagymyzyň «Saadabad» toplumynyň «Jumhuri» köşgünde Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen çäkli düzümde duşuşygy geçirildi. Eýranyň Baştutany türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowy mähirli mübärekläp we Eýrana sapar bilen gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, häzirki döwürde işjeň ösdürilýän döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belledi. Şol gatnaşyklar dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýar. Häzirki gepleşikleriň örän wajypdygy barada aýdyp, onuň iki goňşy döwletiň gatnaşyklarynda möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi.