Merkezi Aziýa: tagallalaryň birligi — maksatlaryň bitewüligi

9 Awgust 2024
127

Amatly geoykdysady ýerleşişi bilen tapawutlanýan Merkezi Aziýa taryhyň bütin dowamynda Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda özboluşly «köpri» bolup geldi we şeýle bolmagynda-da galýar. Şonuň üçin-de, sebitiň ýurtlarynyň özara hyzmatdaşlygyny ösdürmek hem-de işjeňleşdirmek häzirki günüň wajyp wezipesidir. Bu wezipäni üstünlikli çözmek bolsa, ilkinji nobatda, sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmäge oňaýsyzlyk döredýän täsirleri aradan aýryp biljek netijeli gurallary işläp taýýarlamagy we durmuşa ornaşdyrmagy talap edýär.

Mälim bolşy ýaly, hoşniýetli goňşuçylygyň, sebit hyzmatdaşlygynyň nusgalyk derejesini görkezýän Merkezi Aziýa «bäşligi» häzirki wagtda bu asylly we jogapkärli wezipäni üstünlikli ýerine ýetirýär. Şoňa görä-de, bu günki günde ähli ýollaryň bu sebite uzamagy, dünýäniň nazarynyň bize gönükmegi kanunalaýyk ýagdaýdyr. Şu jähetden alnanda, soňky ýyllarda Merkezi Aziýa gyzyklanmalaryň barha artýandygy äşgär hakykat. Muny biz sebit döwletleri bilen has ýakyn gatnaşyklary ýola goýmaga, bar bolan ägirt uly mümkinçiliklerden bilelikde peýdalanmaga, Aziýanyň ýüreginden Zeminiň çar künjegine ulag, energetika köprülerini çekmäge aýratyn ähmiýet berýän ýurtlaryň hatarynyň yzygiderli köpelýändiginiň mysalynda aýdyň görýäris. Asyrlaryň dowamynda goňşuçylykda ýaşaýan bäş ýurduň Liderleri sebitiň ykbalyna dahylly meseleleri «Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy» atlandyrylýan meýdançanyň çäginde çözmäge ymtylýan bolsalar, aýry-aýry döwletlerdir guramalar «Merkezi Aziýa + ...» formatynda strategik dialogy berkitmäge çalyşýarlar. Şunuň bilen baglylykda, Gazagystan Respublikasynyň paýtagty Astana şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygynyň geçirilmegi sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmekde möhüm ädimdir.

«Nesil».