Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy Özbegistanyň tejribesini öwrenýär

8 Awgust 2024
137

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekiliýeti tarapyndan gümrük taýdan resmileşdirmegiň Merkezini döretmekde tejribesini öwrenmek we serhetýaka gümrük nokatlarynyň işi bilen tanyşmak maksady bilen Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherine gulluk iş sapary amala aşyrdy.

Saparyň birinji gününde wekiliýetimiz gümrük taýdan resmileşdirmegiň Özbegistan Respublikasynyň Gümrük komitetiniň ýanyndaky Merkezine baryp gördüler. Bu Merkez 2023-nji ýylyň awgust aýynda açylyp, bu toplum öz içine maglumatlary gaýtadan işleýän merkezini, uzakdan elektron deklarirleme nokadyny, jaň merkezini, nyşana almak we töwekgelçilikleri dolandyrmak bölümlerini alýar.  Merkeziň maglumatlar ulgamy daşary ýurt edaralarynyň, ýerli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň, daşary ykdysady işine gatnaşyjylaryň we awiakompaniýalaryň maglumat ulgamlary bilen utgaşdyrylan.