Ene süýdüniň ähmiýeti

2 Awgust 2024
211

Dünýäniň 170-den gowrak ýurdunda, şol sanda Türkmenistanda ene süýdi hepdeligi giňden bellenilýär. Bu hepdeligiň esasy maksady dünýäde ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamakdan we ony ilatyň arasynda wagyz etmekden ybarat bolup durýar. Ene süýdi täze doglan çaga üçin ýerini çalşyp bolmajak gymmatly iýmitdir. Ol çaganyň aşgazanynda gowy özleşýär. Çaganyň iýmit siňdiriş ulgamynyň işiniň dürli bozulmalaryndan goraýar. Sebäbi çaga ene süýdüni arassalygy, ýyljaklygy bilen kabul edýär. Şeýle-de körpäniň kadaly ösüp kemala gelmegine, ruhy we beden taýdan sagdyn bolmagyna täsir edýär. Ene süýdüniň düzüminde çaganyň sagdyn ösmegi üçin gerek bolan maddalaryň, mikroelementleriň, immunoglobulinleriň, beloklaryň, ýaglaryň, uglewodlaryň ählisi ýeterlik derejede saklanýar.

Çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň perzent terbiýesinde uly ähmiýeti bar. Ol ene bilen çaganyň arasyndaky mähirli gatnaşyklaryň ýüze çykmagyna we şol gatnaşyklaryň çaganyň ömrüniň ähli döwürlerinde dowam etmegine, ene-atany, maşgalany söýmäge, wepaly, ygrarly bolmaga ýardam edýär.

Aýsona ALLABERENOWA,
Aşgabat şäherindäki 7-nji saglyk öýüniň maşgala lukmany.