Şu günler tomsuň jöwzaly günleri dowam edýär. Yssy günlerde saglygyňy durnukly saklamak örän möhümdir.
Howanyň çakdanaşa gyzmagy adam bedeninde dürli näsazlyklaryň ýüze çykmagyna getirýär. Gündiziň yssysynda çagalaryň daşarda oýnamagyna ýa-da gezelenç etmegine rugsat bermeli däldir. Ýaş çaganyň bedenine zerur bolan D witamininiň gerekli mukdaryny almak üçin onuň bilen her gün irden sagat 09:00-a çenli, agşam bolsa sagat 18:00-dan soň 15 — 20 minut gezelenç etmek ýeterlikdir.