Täsirli okuw maslahaty

13 Iýul 2024
463

Milli žurnalistikany ösdürmek, žurnalistleriň hünär taýýarlygyny kämilleşdirmek häzirki döwürde möhüm wezipeleriň biri bolup, şunda öňdebaryjy halkara tejribeleriň özleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Ýakynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky merkeziniň edara binasynda daşary ýurtly hünärmenleriň hem-de ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen iki günlük okuw-tejribe maslahaty-da şu jähetden örän netijeli boldy.

Döwlet edaralarynda metbugat gulluklaryny döretmegiň we olaryň işini guramagyň aýratynlyklaryna bagyşlanan maslahata onlaýn usulda daşary ýurtly hünärmenleriň birnäçesi gatnaşyp, žurnalistikanyň derwaýys meseleleriniň ençemesi ara alnyp maslahatlaşyldy, onuň nazary, amaly esaslary barada gürrüň edildi.

Gurbanmämmet SEÝITDÄÝEW.
«Türkmenistan».