Dialog halklary birleşdirýär (Ýaş žurnalistiň sözi)

12 Iýul 2024
282

Bu hakykat ŞHG-niň Astana sammitinde has-da dabaralandy

Halkara gatnaşyklarda birek-birege hormatyň we özara düşünişmegiň zerurdygyny taryhy tejribeler hem, nazaryýet hem, halkara hukugynyň kadalary hem tekrarlaýar. Adamzat ösüşiniň täze döwri, halkara giňişlikde islendik meseläniň çözgüdi döredijilikli syýasatyň we diplomatiýanyň täsirli guralyny peýdalanmagy talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwrüň derwaýys wezipelerini çözmeklige işjeň gatnaşýan döwlet hökmünde dünýä döwletleridir halkara guramalary bilen dürli ugurlarda özara hyzmatdaşlygy barha giňeldýär. Şoňa görä-de, şu ýylyň 4-nji iýulynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Gazagystan Respublikasynyň paýtagty Astana şäherinde geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşyp, täze başlangyçlar bilen çykyş etmegi möhüm taryhy hem-de syýasy ähmiýete eýe boldy.

Atamyrat ÝAZWELIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby, «Nesil».