Parahatçylygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk

10 Iýul 2024
236

Dünýäde belent abraýa eýe bolýan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan parahatçylygyň hem ynanyşmagyň ýurdy hökmünde giňden tanalýar. Ýurdumyz dünýä döwletleri bilen ysnyşykly hem özara bähbitli gatnaşyklary alyp barmak bilen, ýurtlar hem halkara guramalar bilen hyzmatdaşlykda täze sahypalar açylýar. Döwletimiziň daşary syýasatda alyp barýan bimöçber işleri netijesinde ýöredilýän hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň halklaryň parahatçylygyna, dostlugyna we durnukly ösüşiň gazanylmagyna gönükdirilmegi tutuş adamzadyň bagtyýar ýaşaýşy we ösüşi baradaky aladanyň subutnamasydyr. Ata-babalarymyz goňşy we beýleki halklar bilen hoşniýetli gatnaşyklary alyp barmak bilen, taryhda özüni myhmansöýer, ynsanperwer, parahatçylygy söýýän halk hökmünde tanadypdyr. Bu asylly ýörelgeler häzirki döwürde mynasyp dowam etdirilýär. Ajaýyp şygyrlary, ynsanperwer we parahatçylyk söýüjilikli garaýyşlary bilen dünýä halklarynyň ýüreginde ýer eden beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy taryhy wakalar bilen utgaşyp, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny has-da dabaralandyrýar. Bütin dünýäde durnukly ösüşleriň gazanylmagyna özüniň saldamly goşandyny goşýan ata Watanymyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Bitaraplyk ýörelgeleri esasynda Birleşen Milletler Guramasy bilen ýöredýän parahatçylykly, dostlukly syýasatynyň rowaçlanýandygyny we dabaralanýandygyny, döwletimiziň at-abraýynyň, şan-şöhratynyň belende galýandygyny geçen hepdäniň dowamynda bolup geçen taryhy wakalar hem subut edýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Gazagystan Respublikasynyň paýtagty Astanada geçen sammitine gatnaşmagy ýurdumyzyň bu gurama agza döwletler bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde täze mümkinçilikleri açdy. Ýurdumyzyň bu guramanyň mejlislerine hormatly myhman hökmünde gatnaşyp gelýändigini bellemek gerek. Gahryman Arkadagymyzyň ŞHG-niň bu gezekki sammitine gatnaşmagy bolsa asylly däbiň dowam edýändigini subut etmek bilen, ýurtlaryň arasynda netijeli hem özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge ýardam eder. Ulag-kommunikasiýa, energetika, söwda, senagat kooperasiýasy, oba hojalyk, ylym-bilim ulgamlaryny we beýlekileri ileri tutulýan ugurlar hökmünde görkezmek bolar. Gahryman Arkadagymyzyň sammitde eden taryhy çykyşynda belleýşi ýaly, «Türkmenistan ŞHG bilen hyzmatdaşlyga berýän bahasynda biziň ykdysady bähbitlerimiziň sazlaşdyrylmagyndan ugur alýar. Bu gün eýýäm hyzmatdaşlygyň geljegi we onuň uzak möhletli häsiýete eýedigi äşgärdir».

Muhammetmyrat ÖWEZOW,
«Balkan».