Myhmanlara söz berýäris

27 Mart 2024
328

Liza PAMPELLI,
Amerikanyň Birleşen Ştatlary:

— Gadymy Änew topragy TÜRKSOÝ halkara guramasy tarapyndan şu ýyl «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli dünýäniň dürli künjeklerinden gelen myhmanlary uly sarpa bilen garşy aldy. Bu toprak ençeme müňýyllyklar öň hem örän ähmiýetli, meşhur mekan bolupdyr. Munuň şeýledigine men atam Rafael Pampelliniň ylmy-barlag işlerinde hem aýdyň göz ýetirýärin. Atam bu topraga gelip, ylmy-barlag işlerini geçirip, ilkinji dörän ak bugdaýyň dänelerini tapýar we şondan soňra Änew — ak bugdaýyň mekany hasaplanýar. Ynha, bu gün bolsa, bu ýerde türki milletleriň birnäçesi jem bolup uludan toý tutýar. Bu möhüm ähmiýetli dabara mynasybetli ähli türkmen halkyny, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowy, Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy tüýs ýüregimden gutlaýaryn!

Taýýarlan Bägül BEGENJOWA,
«Aşgabat».