Syýahatçylyk — halkara gatnaşyklaryň wajyp ugry

27 Mart 2024
421

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda syýahatçylygyň ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 56-njy maddasyna laýyklykda, döwlet ylmyň, medeniýetiň, sungatyň, halk döredijiliginiň, sportuň we syýahatçylygyň ösmegine ýardam edýär. Hormatly Prezidentimiziň 2023-nji ýylyň 25-nji awgustyndaky Karary bilen tassyklanan «Syýahatçylyk pudagynda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň 2024-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň» mazmuny bilen tanşanyňda, bu möhüm ugra gönükdirilen toplumlaýyn wezipeleriň kesgitlenendigini görmek bolýar.

Maksatnama syýahatçylyk işini utgaşdyrmak boýunça halkara ulgamy ösdürmäge, şol sanda ýerli hyzmat pudagyny berkitmek üçin telekeçilere, haryt öndürijilere we sarp edijilere, işewürlik işiniň ähli ugurlarynyň wekillerine goldaw bermek boýunça çäreleriň toplumyny işläp taýýarlamaga gönükdirilendir. Şeýlelikde, halkara hyzmatdaşlygy bu ugurda gatnaşyklary pugtalandyryp, aýratyn hem, syýahatçylyk akymlarynyň möçberini artdyryp, dürli medeniýetleriň arasyndaky gatnaşyklaryň giňelmegine oňaýly täsir eder.

Ýagmyr NURYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory, hukuk ylymlarynyň doktory.