2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

26 Mart 2024
463

BMG-niň Baş Assambleýasynyň täze Kararnamasy parahatçylyk medeniýetini ilerletmäge çagyrýar

Ýer ýüzünde parahatçylykly ýaşaýşy binýat etmek ähli döwürlerde-de iň ilkinji zerurlyk saýylypdyr. Ýöne häzirki zaman dünýäsinde dowam edýän çökgünliklerdir adamzadyň şu gününe hem geljegine howp salýan müşgillikler parahatçylygyň gadyr-gymmatyny ozalkylardan has-da artdyrýar. Bu gün dünýä bileleşiginiň öňünde keserýän köp sanly derwaýys meseleler halkara hukugyň ýörelgeleriniň ileri tutulmagyny, özara ynamy pugtalandyrmagy we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy durnukly ösüşiň çelgisine öwürmegi zerurlyk hökmünde öňe çykarýar. Şeýle çylşyrymly şertlerde parahatçylygyň kepilini dialogda görýän Bitarap Türkmenistan 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasynyň öňbaşçysy bolup çykyş etmek bilen, onuň biragyzdan goldanylmagyny gazandy. 23-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde bu täze Kararnamanyň kabul edilendigi barada hormatly Prezidentimiziň dykgatyna ýetirilen hoş habar «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň türkmen diplomatiýasynyň nobatdaky syýasy ýeňşi bilen şöhratlanýandygyny alamatlandyran möhüm waka boldy.

Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».