Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy: köpýyllyk hyzmatdaşlyk ynamly ösdürilýär

11 Mart 2024
512

Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň il-ýurt bähbitli milli maksatnamalaryny we halkara başlangyçlaryny amala aşyrmak bilen bagly işleri döwrüň talaplaryna laýyk guramak hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň düzüm birlikleri bilen amala aşyrylýan taslamalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy ulgamlaýyn esasda alyp barmak maksady bilen, Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşi döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.

Ýadyňyzda bolsa, 7-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşi barada hasabat berildi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy bilen ykdysady, ekologiýa, ynsanperwer we beýleki ulgamlarda gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalaryň esasynda netijeli hyzmatdaşlyk edýändigi bellenildi. Döwletimiziň milli maksatnamalaryny we halkara başlangyçlaryny döwrüň täzeçil talaplaryna laýyk getirmek, BMG-niň ähli düzüm birlikleri bilen durmuşa geçirilýän taslamalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygy ulgamlaýyn esasda alyp barmak üçin «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşini döretmek teklip edildi.

"Nesil".