Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk toplumlaýyn ösdürilýär

8 Mart 2024
397

4-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzda ýaýbaňlandyrylan owgan harytlarynyň sergisine baryp gördi we bu ýerde owgan tarapy bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de toplumlaýyn esasda ösdürmegiň meseleleri boýunça duşuşyk geçirdi.

Ilkinji nobatda, 4 — 6-njy martda paýtagtymyzda owgan harytlarynyň sergisiniň hem-de onuň çäklerinde iki ýurduň işewür toparlarynyň maslahatynyň geçirilendigini, olaryň jemleri boýunça birnäçe resminamalara gol çekilendigini bellemek gerek. Sergä gatnaşan kompaniýalaryň aglabasy ýurdumyzda öz mümkinçiliklerini ilkinji gezek tanyşdyrdylar. Şoňa görä-de, Söwda-senagat edarasynda Gahryman Arkadagymyz goňşy ýurtda öndürilen önümler, halylar, şaý-sepler, gurluşyk harytlary, hojalyk we senagat himiýasy ýaly ugurlaryň mümkinçiliklerini synlady. Şeýle-de bu ýerde Owganystanda ösdürilip ýetişdirilýän gök, miwe, azyk önümleri görkezildi. Goňşy ýurduň degişli düzümleriniň wekilleri türkmen halkynyň Milli Lideriniň sergä gelip görmeginiň özleri üçin uly hormatdygyny nygtadylar.

"Nesil".