Daşky gurşawyň abadançylygyna bagyşlandy

8 Mart 2024
560

4-nji martda «Ýyldyz» myhmanhanasynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretarynyň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň daşky gurşawy goramak ministrleriniň ýokary derejeli duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda bu ugurda sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça ýurdumyzyň ileri tutýan garaýyşlary beýan edildi. Munuň özi daşky gurşawy goramak, ekologik abadançylygy üpjün etmek we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir.

«Watan».