Gazagystan bilen Özbegistanyň aralygynda ýük daşamak işi ýönekeýleşdiriler

7 Mart 2024
448

Özbek rugsatnamasynyň berilmegini has ýönekeýleşdirmek üçin Gazagystan Respublikasynyň ulag, maliýe hem-de sanly ösüş, innowasiýa we aerokosmos senagaty ministrleriniň bilelikdäki buýrugynyň taslamasy işlenip düzüldi. Buýruk özbek rugsatnamalarynyň blankalaryny bermek üçin synag taslamasyny durmuşa geçirmek barada bolup durýar. Bu barada Gazagystan Respublikasynyň Ulag ministrliginiň maglumatlaryna salgylanýan «Kazinform» agentligi habar berýär.

Synag taslamasy Atameken, B.Konysbaýewa, Gazygurt, Kaplanbek we Tažen barlag nokatlarynda «üçünji ýurtlara/ýurtlardan» görnüşli rugsatnamalaryň elektron nusgasynda berilmegini göz öňünde tutýar.