Madhumita Hazarika Bhagat: «Türkmenistanda Hindistana wekilçilik edýändigime örän şat»

7 Mart 2024
530

Bitarap Türkmenistan daşary syýasatynda dünýäniň ýakyn-u-alysdaky ýurtlary bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Şolaryň hatarynda Günorta Aziýanyň ykdysady taýdan iň kuwwatly döwleti hasaplanýan Hindistan Respublikasy hem bar. Golaýda bolsa bu dostlukly ýurduň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Madhumita Hazarika Bhagat resmi taýdan öz diplomatik wezipesine girişdi.

Biz hem hormatly ilçini täze wezipä bellenilmegi bilen gutlap, onuň türkmen-hindi hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň mümkinçilikleri babatda pikir-garaýyşlarydyr geljekki meýilnamalary bilen gyzyklandyk.

Söhbetdeş bolan Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».