Täze howa gatnawy

7 Mart 2024
727

Ýakynda «Türkmenhowaýollary» agentliginiň uçary Aşgabat — Hoşimin — Aşgabat ugurlary boýunça ilkinji uçuşy amala aşyrdy. Bu waka ýurdumyzyň ulag ulgamynda durmuşa geçirýän giň gerimli özgertmeleriniň aýdyň netijesidir.

Aşgabat bilen Hoşimin şäherleriniň arasynda howa gatnawynyň ýola goýulmagy iki ýurduň hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň täze derejä çykýandygyny görkezýär. Munuň özi işewür düzümleriň wekilleri bilen bir hatarda, jahankeşdeler üçin-de oňaýly mümkinçiligi üpjün edýär. Bu durmuş-ykdysady ugur bilen birlikde, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine-de giň ýol açýar. Täze howa gatnawy soňky ýyllarda ýurdumyzda halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilýändiginiň aýdyň beýanydyr. Munuň özi Türkmenistanyň dünýäniň dürli ýurtlary, şol sanda Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri bilen gatnaşyklarynyň işjeň häsiýete eýe bolýandygyny alamatlandyrýar.

(Ýörite habarçymyz).