Owgan harytlarynyň sergisi

4 Mart 2024
604

Şu gün — 4-nji martda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda owgan harytlarynyň sergisi hem-de Türkmen-owgan işewürlik maslahaty öz işine başlady.  Serginiň açylyş dabarasynda çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, bu iri forumyň maksady iki ýurduň arasynda işewür gatnaşyklary giňeltmekden we täze mümkinçilikleri ýüze çykarmakdan ybaratdyr.  Owganystandan gelen wekiliýetiň düzüminde hususy işewürler, telekeçiler, dostlukly döwletiň resmi wekilleri bar.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň hem owgan harytlarynyň sergisine gatnaşýandyklary bellenilmäge mynasypdyr. Olaryň hatarynda «Hasar» hojalyk jemgyýeti, «Täze aý», «Balam» haryt nyşanly kärhanalary, «Aýbölek»  mebel önümleri hususy kärhanalary bar.

«Zenan kalby».